DreamWorks filippin rowaýatlaryndan ylham alan “Unudylan ada” multfilmini çykarar

  • 18.04.2025 16:32
  • 2.7k+

DreamWorks “Unudylan ada” (Forgotten Island) multfilmini anons etdi. Premýera 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabryna meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär.

Taslamanyň režissýorlary we ssenariçileri bolup Joel Krouford we Hanuel Merkado çykyş eder. Öň olar “Ädikli pişik: Soňky isleg” multfilminiň üstünde işledi. Bu multfilm hem 2022-nji ýylda “Oskar”, BAFTA we “Altyn globus” baýraklaryna dalaşgär görkezildi.
“Unudylan adanyň” sýužeti barada maglumat berilmeýär. Ýöne onuň filippin rowaýatlaryndan ylham alan unudylan jadyly ada düşýän gahrymanlar barada başdangeçirmeler komediýasydygy belli.
Cartoon Brew-iň belleýşi ýaly, täze ideýaly taslamalar DreamWorks üçin seýrek ýagdaý. Çünki, studiýa, köplenç, multfilmleri belli franşizalaryň ýa-da kitaplaryň esasynda çykarýar. Soňky 15 ýylda ýeke-täk üýtgeşme 2023-nji ýyldaky “Rubi Gilman: ýetginjek krakeniň başdangeçirmeleri” boldy, ol hem prokatda üstünlik gazanmady.  
DreamWorks-yň soňky taslamasy “Ýabany robot” hakyky şowly çykan multfilm boldy. Ol 78 mln dollar býujet bilen bütin dünýäde 333 mln dollar gazandy. Ol “Oskar” baýragy üçin üç nominasiýada görkezildi we Annie animasion baýragynyň dokuz heýkelini aldy. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......