Ýewrokomissiýa onlaýn ýygnaklarda EA kömekçilerini ulanmagy gadagan etdi

  • 18.04.2025 16:26
  • 1.5k+

Ýewrokomissiýa (ÝK) onlaýn ýygnaklarda emeli aňa esaslanýan wirtual kömekçileriň ulanylmagyny gadagan etdi. Bu barada Politico gazeti habar berýär.

Bu çözgüt telekeçileriň we sarp edijileriň arasynda şeýle tehnologiýalaryň giňden ýaýraýandygy üçin sorag döredýär.
Duşuşyk başlamazdan öň ekranlarda şeýle ýazgyly slaýd peýda bolýar: “EA agentleriniň ulanylmagyna rugsat berilmeýär”. Gazetiň maglumatlaryna görä, ÝK bu düzgüni geçen hepde girizdi, ýöne onuň sebäplerini düşündirmedi.  
ÝK-nyň işewürlikde we gündelik durmuşda EA-nyň giňden ulanylýan döwrüne işjeň taýýarlanýandygy üçin bu gadaganlyk garaşylmadyk boldy. ÝK-nyň 31-nji martdaky wirtual hakykata bagyşlanan resminamalarynda hem EA kömekçileri barada agzaldy. Onda şeýle programmalaryň “wirtual gurşawy kabul edip, onuň bilen aragatnaşyk saklamaga” ukyplydygy aýdylýar.
EA kömekçileri “awtonom işläp biler”, ýöne olaryň işi “öňünden kesgitlenen düzgünler” bilen dolandyrylýar diýlip, resminamada bellenilýär. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 17:51
3k+

Ýewropa Bileleşigi bikanun migrasiýany 40% azaltdy

Ýewropa Bileleşiginiň serhet gullugy bolan Frontex agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda ÝB-niň serhetlerinden bikanun geçmek synanyşyklary geçen ýylyň degişli......

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......