Apple kompaniýasy iPhone 6s-i we Mac mini 2018-i könelip barýan gurluşlaryň sanawyna goşdy

  • 18.04.2025 16:39
  • 3.4k+

Apple kompaniýasy wintaž (könelip barýan) gurluşlaryň sanawyny täzeläp, oňa iPhone 6s smartfonyny we 2018-nji ýylyň Mac mini kompýuterini goşdy. Bu olaryň kompaniýanyň hyzmat merkezlerinde we ygtyýarly hyzmatdaşlarda diňe zerur şaýlar bolan ýagdaýynda bejerilip bilinjekdigini aňladýar.

Kompaniýanyň düzgünleri boýunça, satuw gutarandan bäş ýyldan gowrak wagt geçenden soň, gurluş wintaž bolýar diýip, MacRumors belleýär. Eger ýedi ýyldan gowrak wagt geçen bolsa, resmi bejeriş mümkin bolmaýar ýa-da şaýlaryň barlygyna bagly bolýar.
2015-nji ýylda hödürlenen iPhone 6s arzan model hökmünde 2018-nji ýyla çenli satyldy. Ol A9 prosessoryna, berk alýumin korpusyna, 3D Touch tehnologiýasyna we nauşnikleri birikdirmek üçin ýere eýe boldy.


2018-nji ýylyň Mac mini kompýuteri Apple Silicon çiplerine geçmezden ozal Intel prosessorly iň soňky model boldy. Gurluş sekizinji nesil Intel çipleri we Intel UHD Graphics 630 grafikasy bilen enjamlaşdyryldy.
Apple wintaž ýagdaýynyň gurluşlaryň bejeriş mümkinçiliklerini çäklendirýändigini, sebäbi olar üçin şaý öndürmegiň bes edilýändigini belleýär. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...