“Rolan Garrosda” Nadalyň hormatyna dabara geçiriler we ýaryşyň baýrak gaznasy artdyrylar

  • 18.04.2025 11:53
  • 2k+

“Rolan Garrosyň” guramaçylary Rafael Nadalyň hormatyna dabara geçirmek meýilnamalary hem-de 2025-nji ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň artdyrylandygy barada habar berdi.

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi we Fransiýanyň Açyk çempionatynyň 14 gezek çempiony bolan Nadaly hormatlamak dabarasy 25-nji maýda, Filipp Şatrie kortunda gündizki sessiýanyň üç oýnundan soň geçiriler.
Mundan başga-da, şu ýyl “Rolan Garrosda” çykyşyny tamamlaýan fransuz tennisçisi Rişar Gaske bilen hoşlaşyk guralar. Dabara onuň soňky oýnundan soň bolar.
Ýaryşyň çäklerinde Meri Pirs hem hormatlanar. 2025-nji ýylda onuň Fransiýanyň Açyk çempionatyndaky ýeňşine 25 ýyl dolýar.
Şeýle-de, guramaçylar ýaryşyň baýrak gaznasynyň artdyrylandygyny habar berdi. Ol geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 5,21% ýokarlanyp, 56,352 mln ýewro boldy.
Ozal tennisçiler topary “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň guramaçylaryna baýrak pullaryny köpeltmek haýyşy bilen hat iberdi. Hatda birinji talap Mutua Madrid Open 2025-de dört ýaryşyň wekilleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşykdy.
Hat 21-nji mart bilen senelenýär. Ol Kreýg Taýlä (Awstraliýanyň Açyk çempionaty), Stefan Morele (“Rolan Garros”), Salli Boltona (Uimbldon) we Lýu Şerrä (ABŞ-nyň Açyk çempionaty) gönükdirildi. AP News agentligi soňrak resminama gol çeken tennisçileriň sanawyny hödürledi. 


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......