Apple iPadOS-yň interfeýsini täzeden işläp, ony macOS 19-a ýakynlaşdyrar

  • 17.04.2025 11:39
  • 778

Apple iPadOS 19-y düýpli täzeden işlemek isleýär. Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň habar bermegine görä, ulgam wizual we funksional taýdan macOS-a ýakynlaşar.

Täzelenmegiň esasy maksady öndürijiligi ýokarlandyrmakdyr. Apple köpugurlylygy we penjire dolandyryşyny täzeden dizaýn eder. Bu iPad-y has köptaraply enjam etmek üçin ädilen ädimdir. Öňki wersiýalarynda kompaniýa eýýäm klawiatura, syçan we daşky maglumat toplaýjy üçin goldaw goşdy. Şeýle-de bolsa, bu noutbugy doly täzelemek üçin ýeterlik däldi.
Bilermenleriň pikirine görä, üýtgeşmeleri girizmäge bireýýäm wagt ýetipdi. M seriýaly prosessorlar iPad-e stol üsti ulgamlaryň derejesinde işlemäge mümkinçilik berýär, ýöne iPadOS-yň çäklendirmeleri bu potensialy doly ulanmaga päsgel berýärdi.
Käbir seljerijiler macOS-a ýakynlaşmagyň Apple noutbuklaryna bolan islegi peseldip biljegi-bilmejegi bilen gyzyklanýar. Ulanyjylaryň ikiniň ýerine bir enjam saýlap başlamagy mümkin.
Täzelenmäniň takyk jikme-jiklikleri entek belli däl. Apple iPadOS 19 -y 9-njy iýunda başlajak WWDC 2025-de çykarar diýlip garaşylýar. Seljerijiler bu ulgamda penjire bilen işlemekligiň has çeýe täri, kämilleşdirilen faýl ulgamy we hünär programmalary üçin täze mümkinçilikler bolar diýip çaklaýarlar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...