Amerikaly fridaýwer suw astynda iki rekord goýdy. Ol howa halkalaryny çişirdi

  • 17.04.2025 10:04
  • 4.4k+

Amerikaly professional fridaýwer (suwda çümüji) Ameliýa de los Rios suwuň aşagynda bir minutda çişirilen howa halkalarynyň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 56 halkany çişirmegi başardy. Şeýle hem, çäklendirilmedik wagtda howa halkalarynyň umumy sany boýunça rekord goýdy – 81 halka. Bu öňki üstünlikden dokuz san köpdür diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda habar berilýär.

Amelia ýörite tehnikasynyň bardygyny düşündirdi:

"Bary-ýogy ýaňaklaryňy gatatmaly, diliňi çykarmaly we ony yzyna çekip almaly".

Onuň sözlerine görä, howa halkasyny emele getirmek kyn däl, ýöne ony gerekli çuňlukda we dogry depginde etmek kyn.
Ameliýa fridaýwing başarnygynyň şeýle netijelere ýetmegine kömek edýändigini aýtdy. Fridaýwing bu, esasan, demiňi saklamagy talap edýän sport. Bu höwesjeňleriň üçinem (mysal üçin, snorkling) ýa-da ýaryş görnüşinde-de geçirilip bilner.
Howa halkalaryny döretmek onuň türgenleşikleriniň bir bölegidi. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ameliýa 50 ýaşa çenli gatnaşyjylar üçin “statik apnoe” kategoriýasynda ABŞ-nyň fridaýwing federasiýasynyň milli rekordyny goýdy. Ol demini 6 minut 58 sekuntlap saklady - öňki erkek adamyň goýan rekordyndan 12 sekunt uzak.


düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......