Beýik Britaniýanyň banknot we pasport öndüriji kompaniýasy «De La Rue» satyldy

  • 17.04.2025 07:53
  • 6.6k+

Dünýäniň köp ýurtlary üçin banknotlary, markalary, möhürli kagyzlary we pasportlary öndürýän Beýik Britaniýanyň «De La Rue» kompaniýasy ABŞ-nyň «Atlas Holdings» maýa goýum gaznasy tarapyndan hödürlenen satyn alyş teklibini kabul etdi. Bu barada «The Wall Street Journal» we «BBC» neşirleri habar berýär.

«Atlas Holdings» maýa goýum gaznasy «De La Rue» kompaniýasynyň her bir paýnamasy üçin nagt görnüşde 130 pens (1,3 funt sterling) teklip etdi, bu bolsa onuň duşenbe güni bazar ýapylandaky bahasyndan 16% ýokarydyr. Şeýlelikde, şertnamanyň umumy bahasy 263 mln funt sterlinge (347 mln dollara) ýetdi.
«De La Rue» kompaniýasy 1821-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa diňe bir Beýik Britaniýa üçin däl, eýsem dünýäniň 150-ä golaý ýurdy üçin banknotlary çap edýär. Şeýle hem pasport, sürüjilik şahadatnamasy ýaly resminamalary taýýarlap berýär hem-de banknotlary sanamak we barlamak üçin enjamlary öndürýär.

Soňky ýyllar «De La Rue» üçin ýeňil geçmedi. Kompaniýa 2018-nji ýylda «Breksitden» soň beriljek täze britan pasportlaryny taýýarlamak boýunça şertnamany baglaşyp bilmedi.
Satyn alyş işleri doly tamamlanandan soň, kompaniýa 1947-nji ýyldan bäri paýnamalarynyň satuwa çykarylýan ýeri bolan Londonyň birža gaznasyndan çekiler. «De La Rue» kompaniýasynyň satyljakdygy baradaky habarlardan soň, onuň paýnamalarynyň bahasy 15% ýokarlandy.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......