Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň bahasyny ýokarlandyrdy

  • 17.04.2025 07:37
  • 2.6k+

Sony Group kompaniýasy PlayStation 5 oýun konsolynyň bahasynyň Ýewropada, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde, Awstraliýada hem-de Täze Zelandiýada ýokarlanandygyny mälim etdi.

Kompaniýa bu kararyny dünýädäki «kyn ykdysady ýagdaý, ýokary inflýasiýa we durnuksyz walýuta kurslary» bilen düşündirdi. Meşhur konsolyň bahasy 14-nji aprelden başlap, sebite baglylykda, 10-15% ýokarlandy.
«The Verge» neşiriniň bellemegine görä, Sony PS5 üçin zerur komponentleriň köpüsini Hytaýda öndürýär, ABŞ bolsa Hytaýdan getirilýän harytlara 145%-lik gümrük paçlaryny girizdi. Neşiriň pikirine görä, beýleki sebitlerde bahalaryň ýokarlanmagy, ABŞ bazarynda bahalaryň hökmany artmagyna garşy, Sony tarapyndan görlen ýeňilleşdiriji çäre bolup biler, sebäbi ABŞ ýapon kompaniýasy üçin esasy bazarlaryň biri bolup durýar.
Bahalaryň ýokarlanmagyndan soň, PS5-iň Ýewropadaky bahasy 499,99 ýewro (ozal 449,99 ýewro), Beýik Britaniýada 429,99 funt sterling (ozal 389,99 funt sterling), Awstraliýada bolsa 829,95 Awstraliýa dollary boldy. Şol bir wagtyň özünde, öndüriji bu bazarlarda PS5 üçin disk okaýan enjamyň bahasyny peseltmäge karar berdi.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....