Intel çökgünlik sebäpli Altera kompaniýasyndaky paýyny satyp başlady

  • 16.04.2025 18:32
  • 1.5k+

Intel biznesiniň bir bölegini satýandygyny mälim etdi. Ol 2015-nji ýylda 16,7 mlrd dollara satyn alan Altera kompaniýasyndaky paýlarynyň 51%-ini aýyrmak kararyna geldi. Şol wagt bu Intel-iň taryhynda iň uly şertnama bolupdy.

Altera dürli işler üçin sazlap bolýan programmirlenýän logiki mikroshemalary (FPGA) işläp taýýarlaýar.
Alyjy hökmünde Silver Lake maýa goýum kompaniýasy çykyş edýär. Şertnamanyň bahasy 4,46 mlrd dollar bolar. 10 ýylyň dowamynda Intel-iň dolandyrmagynda Altera-nyň satylan aktiwleriniň bahasy, takmynan, iki esse peseldi (inflýasiýany hasaba almazdan).
Intel Altera-nyň paýnamalarynyň 49%-ini saklap galar. Bu kompaniýa geljekde Altera-nyň ösüşine gatnaşmaga mümkinçilik berer, ýöne ol eýýäm kompaniýanyň esasy eýesi hökmünde çykyş etmez.
Intel paý satuwynyň prosessorlary we ýarymgeçirijileri öndürmek bilen baglanyşykly esasy işe ünsi gönükdirmäge kömek etjekdigini belledi. 


şu gün 03:54
106

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

13.04.2026 23:42
2.8k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

01.11.2025 10:12
1.5k+

Intel iki ýylyň dowamynda 35 müňden gowrak işgärini işden boşatdy

Intel korporasiýasy täze baş direktor Lip-Bu Tanyň ýolbaşçylygynda ştaty optimizirlemek maksatnamasynyň çäklerinde soňky iki ýylyň dowamynda takmynan 35 500 işgärini işden boşatdy. Bu barada Tom’s Hardware portaly habar berýär...

21.08.2025 16:33
2.3k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...