Çehiýada 2400-den gowrak adam buzly suwa çümüp, rekord goýdy

  • 16.04.2025 18:40
  • 8.4k+

Çehiýada birbada 2461 adam buzly suwa çümüp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ozal rekord Polşa degişlidi. Bu ýerde 2015-nji ýylda sowuk suwa 1799 gatnaşyjy girdi.  

Rekordyň guramaçysy çehiýaly fridaýwer Dawid Wensl boldy. Ol 2021-nji ýyldan 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli ýörite esbaplar bolmazdan, demiňi saklamak bilen buz astynda iň uzak ýüzüş üçin tituly saklandygy bilen bellidir. Wensl krioterapiýany goldaýar we onuň peýdasyny hem Çehiýada meşhurlygyny görkezmek üçin aksiýa geçirdi.
Ýüzüşden öň krioterapiýa hünärmenleri sowuk suwa howpsuz giriş barada görkezmeleri berdi.
Köpçülikleýin suwa giriş ýurtda ululygy boýunça ikinji bolan Most kölünde geçdi. Suwuň temperaturasy 4 gradusdan sähel pesdi. Suwa ilkinji bolup tejribeli gatnaşyjylar girdi we olar suwda beýlekilerden has uzak saklandy.
Çärä çagalar, ýetginjekler, uly ýaşlylar we garrylar gatnaşdy. Ähli gatnaşyjylar suwda azyndan bir minut galmalydy.

“Men şeýle çäreleriň adamlary täze synaglar üçin açylmaga, saglygyň barada alada etmäge we pikirdeşleri tapmaga ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn” – diýip, Wensl belledi. 


düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....