Nissan ABŞ-da iň geçginli modeliniň önümçiligini azaldar

  • 16.04.2025 13:53
  • 5.6k+

Nissan 2025-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýy aralygynda Kýusýudaky (Ýaponiýa) zawodynda Rogue krossoweriniň önümçiligini 13 000 birlik azaldar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Bu markanyň ABŞ-da iň köp satylýan modeli. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Nissan ýurtda 62 000 Rogue awtomobilini satdy, olaryň köpüsi Ýaponiýada ýygnaldy. Kompaniýa Ştatlarda import awtomobiller üçin 25 göterim gümrük paçlarynyň girizilmegi sebäpli modeliň ýygnalmagyny wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi.
Kýusýudaky zawod  iki çalşykda işlemegini dowam eder, ýöne käbir günler işlemez. Nissan paç ýagdaýlaryna baglylykda iýul aýyndan soň önümçilik möçberine gaýtadan seretmegi meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň Tennesside (ABŞ) hem Rogue modelini ýygnaýan zawody bar.
ABŞ Nissan üçin esasy bazar bolmagynda galýar. 2024-nji ýylda ABŞ-da 246 müň Rogue krossoweri satyldy. Bu Nissan-yň amerikan bazaryndaky satuwynyň dörtden birinden gowragydyr.
Reuters-iň maglumatlaryna görä, logistikadaky üýtgeşmeler üpjünçiligiň gijikdirilmegine we bahalaryň üýtgemegine getirip biler. Alyjylara modelleriň elýeterliliginde bolup biljek bökdençlikleri göz öňünde tutmak maslahat berilýär.
Ozal häzirki söwda dartgynlylygy sebäpli Mitsubishi kompaniýasy ABŞ-nyň diler merkezlerine ulag ibermegini togtatdy. Şeýle çäreler barada Audi, Volkswagen, Jaguar Land Rover we Volvo hem habar berdi. 


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....