«Habbl» teleskopy sönüp barýan äpet ýyldyzy surata aldy

  • 16.04.2025 13:48
  • 6.2k+

NASA-nyň astronomlary «Habbl» orbital teleskopynyň täze düşüren suratyny paýlaşdylar. Bu suratda ölüp barýan äpet ýyldyzyň kosmosa zyňan, ionlaşan ägirt uly gaz bulutlaryny görmek bolýar.

Täze düşürilen surat «Kohoutek 4-55» diýlip atlandyrylýan planetar dumanlygy görkezýär. Bu dumanlyk Ýerden bary-ýogy 4600 ýagtylyk ýyly uzaklykda, Guw ýyldyzlar toparynyň ugrunda ýerleşýär.
Planetar dumanlyklar gyzyl äpetleriň ýa-da örän uly äpetleriň ömrüniň soňky tapgyrynda daşky gatlaklaryny zyňmagy netijesinde emele gelýär. Şeýle görnüşli dumanlyklar bary-ýogy birnäçe on müň ýyl ýaşaýarlar, bu bolsa astronomik ölçeglerde gaty gysga wagt hasaplanylýar. Galaktikamyzda «Kohoutek 4-55» bilen bilelikde bize mälim bolan, takmynan, 1500 sany planetar dumanlyk bar.


18.04.2026 23:36
3.7k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...