ÇL: «Borussiýa» we «Aston Willa» utdy, ýöne ýarym finala «Barselona» bilen «PSŽ» çykýar

  • 16.04.2025 10:59
  • 9.9k+

15-nji aprelde “Borussiýa” “Barselonany” 3:1 hasabynda utdy, ýöne iki duşuşygyň jemi boýunça indiki tapgyra ispan topary geçdi. Barselonada geçen birinji oýunda kataloniýalylar 4:0 hasabynda utupdy.

Jogap oýnunda dört goluň ählisi Dortmundyň topary tarapyndan salyndy – Seru Girassi het-trik etdi (11-nji (penalti), 49-njy we 76-njy minutlar). “Barselonanyň” hasabyna bir goly bolsa “Borussiýanyň” goragçysy Rami Bensebaini ýazdy, ol 2:0 hasabynda topy öz derwezesine girdi (54-nji minut).

Iki oýnuň jemi boýunça hasap 5:3 bolup, “Barselona” ýarym finala çykdy. Onuň garşydaşy “Bawariýa” – “Inter” duşuşygynyň ýeňijisi bolar (birinji oýun milanlylaryň peýdasyna 1:2).

Günüň ýene bir oýnunda Birmingemde “Aston Willa” “PSŽ-ni” kabul etdi.
Bu toparlaryň arasyndaky birinji oýun parižlileriň 3:1 hasabynda utmagy bilen tamamlanypdy, şonuň üçin jogap oýny köpler üçin kän bir ähmiýetli däl ýaly göründi. Üstesine-de, parižliler Aşraf Hakiminiň (11) we Nuno Mendeşiň (27) gollaryndan soň hasaby derrew 2:0-a getirip, umumy hasaby 5:1-e ýetirdi.

Ýöne iňlis topary Unai Emeriniň ýolbaşçylygynda üç gol bilen jogap bermegi başardy: Tilemans (34), Makginn (55) we Konsa (57).
Soňky minutlarda “Aston Willa” ýene gol geçirip bilýärdi, ýöne Janluiji Donnarumma “PSŽ-ni” Reşfordyň birnäçe urgusyndan we Asensionyň hüjüminden halas etdi.
Ahyrky hasap – 3:2. Iki duşuşygyň jemi boýunça (5:4) ýarym finala “PSŽ” çykdy. Onuň garşydaşy “Real” – “Arsenal” duşuşygynda belli bolar (birinji oýun “Arsenalyň” peýdasyna 0:3).


düýn 23:41
2.7k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......