YouTube wideolara baglylygyň öňüni almak üçin Shorts-a täze funksiýa girizer

  • 16.04.2025 09:52
  • 1.8k+

YouTube ulanyjylara Shorts görnüşli gysga wideolary görýän wagtyna çäklendirme girizmäge mümkinçilik berýän täze aýratynlygy hödürläp biler. Bu barada «Android Authority» habar berýär.

YouTube-yň 20.15.32 beta wersiýasynyň kodlarynda ulanyjy günlük limite ýetensoň, Shorts wideolary görmegi duruzýan ýörite günlük taýmer barada maglumat ýüze çykarylypdyr.
YouTube-yň wekili bu aýratynlygyň häzirki wagtda synagda bolmasa-da, geljekde hödürlenmeginiň mümkindigini aýtdy.
Ulanyjylar beýleki ýerlerde (meselem, gözlegiň netijelerinde ýa-da täzelikler lentasynda) peýda bolýan Shorts wideolary görmäge dowam edip bilerler.
Belläp geçsek, YouTube-da adaty wideolar üçin eýýämden «Arakesme beriň» ýatlatmasy bar.
Gysga wideolary aşa köp görmek käbir adamlarda üns ýetmezçiligi we wagt dolandyryşy bilen bagly kynçylyklara sebäp bolup bilýär.
Google-a görä, Shorts görnüşli wideolar her gün 70 milliarddan gowrak gezek görülýär.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......