Mazda iň öňdebaryjy elektrokrossoweri bolan EZ-60-y hödürledi

  • 15.04.2025 23:59
  • 2.5k+

Mazda ýapon awtoulag öndürijisi täze elektrokrossoweri bolan «EZ-60» modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model brendiň baş awtoulagy hökmünde görkezilýär. Ol aerodinamiki dizaýny we 600 kilometrlik ýol ätiýaçlylygy bilen tapawutlanýar diýip, «Electrek» neşiri habar berýär.

«EZ-60» Mazda bilen Hytaýyň Changan kompaniýasynyň bilelikde işläp düzen Changan EPA1 modul platformasynyň binýadynda gurlar. Elektrokar yzky tekerlerden herekete getirilýän ulgam bilen iki görnüşde hödürlenýär: birinjisi 215 at güýjünde, ikinjisi bolsa has kuwwatly – 255 at güýjünde. Şeýle hem alyjylar üçin iki görnüşli batareýa saýlawy bar: biri 520 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän standart batareýa, beýlekisi bolsa 628 kilometre çenli zarýadsyz ýol geçýän giňeldilen görnüşli batareýa. Inženerler tiz zarýad ulgamyna aýratyn üns beripdirler: elektrokaryň batareýasy 80%-e çenli bary-ýogy 30 minutda zarýadlanýar.


Adaty yzky aýnalaryň ýerine awtoulagyň daşyndaky görnüşi salonyň içindäki displeýlere görkezýän kiçi kameralar ýerleşdirilipdir. Awtoulagyň yzynda Mazda ýazgysy bilen bilelikde keseligine inçe yşyklar bar. Awtoulagyň ölçegleri: uzynlygy 4,8 metr, ini 1,93 metr, beýikligi bolsa 1,625 metr.
«EZ-60» modeliniň bahasynyň 20 müň – 26,5 müň dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......