“Minecraft kinoda” 10 günde $550 mln gazandy: tomaşaçylar öwýär, tankytçylar döwýär

  • 15.04.2025 22:42
  • 4.3k+

“Minecraft kinoda” filmi 10 günde dünýä prokatynda 550 mln dollardan gowrak gazanyp, 2025-nji ýylyň iň girdejili Golliwud relizi boldy. Tankytçylaryň garyşyk seslenmelerine garamazdan, tomaşaçylar filme şeýle bir höwes bildirýär welin, bu käwagtlar kinoteatrlarda dürli ýagdaýlara getirýär.

Wideo oýnunyň ekranlaşdyrmasynyň premýerasy 4-nji aprelde boldy. Filmiň býujetiniň 150 mln dollardygyny göz öňünde tutsaň, ol eýýäm býujeti ödäp, döredijilere esli girdeji getiren bolmaly. Çaklamalara görä, film prokatda milliard dollar gazanan ilkinji amerikan blokbasteri bolup biler. Ol eýýäm 2025-nji ýylyň ikinji iň girdejili taslamasy boldy – ondan öňde diňe 2,09 mlrd dollar bilen “Neçža 2” bar.
Tankytçylar bu filme esasan oňyn däl baha berdi – Rotten Tomatoes saýtynda “Minecraft” 47% oňyn syn aldy. Muňa garamazdan, tomaşaçy reýtingi has ýokary boldy – 88%.
Film hakyky sosial hadysa öwrüldi. Minecraft oýny bilen tanyş bolan ýetginjekler diňe bir filme tomaşa etmek üçin däl, eýsem öz garaýyşlaryny surata düşürmek üçin kinoteatrlara gelýär: olar filme gaty sesler, gülki we el çarpyşmalar bilen seslenýär. TikTok-da “Men – Stiw!” jümleli wideolar we oýun dünýäsinde iň belli duşmanlaryň biri bolan zombi-çapyksuwarly (“towuk çapyksuwary” hökmünde hem belli) wideolar ýaýrady. Filmde onuň bilen duşuşyk ringdäki söweş ýaly görkezilýär. Internetde ABŞ-nyň kino zalyndan wideo giňden ýaýrady: çagalar gahrymanyň peýda bolmagyna begenip, gygyryp, böküp we popkorn zyňyp başlady. Netijede, polisiýany çagyrmaly boldy. Bu tertipsizlik hem kinoteatrlarda täze düzgünleriň peýda bolmagyna getirdi: indi film görkezilmezden ozal aşa duýgulardan saklanmak we tertibi bozmazlyk haýyşy bilen duýduryş görkezilýär.
Filmiň şeýle üstünligine giň gerimli marketing kampaniýasy hem ýardam etdi: Warner Bros. mahabat üçin McDonald’s-dan başlap, Oreo çenli 45 sany meşhur brendi işe çekdi. Netijede, bu studiýanyň taryhynda iň uly mahabat hyzmatdaşlygy boldy.
Taslamanyň reliziniň şowly saýlanmagy-da bu üstünlige goşant goşdy – film ABŞ-da ýazky dynç alyş günlerinden öň çykdy. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......