Her bäşinji iPhone Hindistanda ýygnalýar

  • 15.04.2025 18:10
  • 6.3k+

Hindistan iPhone önümçiligini umumy möçberiň 20%-ine çenli artdyryp, geçen ýylky görkezijileri täzeledi.

Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynda Hindistanda 22 mlrd dollarlyk iPhone ýygnaldy. Bu bir ýyl ozalkydan 60% köpdür. Olardan 17,4 mlrd dollarlyk smartfon eksporta iberildi.
Ýurt Apple üçin Hytaýyň ornuny tutmaga çalyşýar. Indi dünýäde her bäşinji smartfon Hindistanda öndürilýär. Ozal ýurduň paýyna Apple smartfonlarynyň önümçiliginiň, takmynan, 15%-i düşýärdi. Şol bir wagtyň özünde iPhone-laryň 80%-i henizem Hytaýda ýygnalýar.
Ýakynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp elektron gurluşlary goşmaça import paçlaryndan wagtlaýyn boşatdy. Bu hem Apple-iň ýüküni birneme azaltdy, ýöne kompaniýa önümçiligi Hytaýdan başga ýurtlara geçirmegi dowam etdirýär.
Hindistanyň içerki bazarynda Apple, takmynan, 8 mlrd dollar gazandy. Onuň smartfonlary ýerli bazaryň tas 8%-ini eýeleýär.


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....