Luka Modriç Çempionşipden “Suonsi” klubunyň egindeş eýesi bolar - Fabrisio Romano

  • 15.04.2025 18:08
  • 5.9k+

Madridiň “Realynyň” we Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Luka Modriç Angliýanyň Çempionşipinde çykyş edýän “Suonsi” futbol klubunyň uly bolmadyk paýynyň eýesi bolar. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, şertnama eýýäm ylalaşyldy. Munuň Modriçiň oýun karýerasyna täsir etmejekdigi bellenilýär. Ol “Realda” çykyş etmegini dowam etdirer.
Häzir “Suonsi” Çempionşipiň ýaryş jedwelinde 12-nji orny eýeleýär. Topar 42 oýunda 54 utuk gazandy. Birinji orunda 88 utuk bilen “Lids” ýerleşýär.
Häzirki möwsümde Modriç ähli ýaryşlarda “Real” üçin 48 oýna gatnaşdy. Onuň hasabynda dört gol we ýedi netijeli geçirim bar.
Horwatiýaly ýarymgoragçynyň Madrid kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 5 mln ýewro barabar.


şu gün 14:50
3.1k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 10:04
3.1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
6.1k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....