Mercedes Renault bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär we kiçi ulaglaryny önümçilikden aýyrýar

  • 14.04.2025 23:37
  • 2.8k+

Mercedes-Benz 2026-njy ýylda «Citan» we «T-Class» modelleriniň, şol sanda elektrikli «eCitan» we «EQT-niň» önümçiligini bes eder. Bu barada «Automobilwoche» portaly habar berdi, bu maglumatlar kompaniýanyň wekiliniň «Reuters» agentligine beren beýanaty bilen tassyklandy.

Kompaniýa täjirçilik maksatly kiçi göwrümli ulaglar segmentinde Renault bilen hyzmatdaşlygyny bes etmäge karar berdi. Bu modeller «Renault Kangoo-nyň» esasynda Fransiýadaky zawodda öndürilýär.
Mercedes-Benz Vans bölümi öz işini has girdejili segmentlere gönükdirjekdigini aýtdy. Indi esasy üns orta we uly ölçegli furgonlara berler. Kiçi göwrümli awtoulaglar geljek ýyl önümçilik hataryndan aýrylar, olaryň önümçiligi bolsa 2026-njy ýylyň ortalarynda doly bes ediler.
«Citan» we «T-Class» – täze modeller hasaplanylýar. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili görnüşleri 2021-2022-nji ýyllarda satuwa çykaryldy, elektrikli görnüşleri bolsa soň çykdy. Ýöne olaryň satuwy pes boldy: Mercedes-iň görnüşleri Renault-yňkydan ep-esli gymmatdy, tehniki taýdan bolsa tapawudy ýok diýen ýalydy.
Şonuň ýaly ýagdaý öň «X-Class» pikaby bilen hem ýüze çykypdy. Bu taslama şowsuz boldy, sebäbi müşderiler hereketlendirijisi Mercedes-iňki bolsa-da, Nissan-y saýlapdylar.
Mercedes-Benz-iň täze hyzmatdaşynyň Geely bolmagyna garaşylýar.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......