Sony 8K telewizorlaryň önümçiligini togtatdy. Soňky model 2022-nji ýylda çykypdy

  • 14.04.2025 23:45
  • 2.5k+

Sony kompaniýasy ýokary çözgütli 8K telewizorlaryň önümçiligini wagtlaýyn togtatdy. Şeýle görnüşli iň soňky model üç ýyl mundan ozal satuwa çykarylypdy.

Sony-nyň wekili žurnalistler bilen geçirilen sorag-jogap maslahatynda 8K telewizorlaryň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.
8K formatdaky iň soňky model bolan Sony Z9K 2022-nji ýylda çykaryldy. Häzirki wagtda bu enjam önümçilikden aýryldy, satuwda diňe ammarlarda galan az-kem galyndylar bar.
Bu kararyň esasy sebäbi hökmünde alyjylaryň bu tehnologiýa uly gyzyklanma bildirmeýändigi we 8K mazmunlaryň ýetmezçiligi görkezilýär.
Sarp edijiler tehnologiýasy assosiasiýasy (CTA) hem ozal 8K telewizorlara bolan islegiň peselýändigini belläpdi. Guramanyň berýän maglumatlaryna görä, şeýle görnüşli enjamlaryň dünýä boýunça iberiliş möçberi artmaýar. 2022-nji ýylda 166 müň sany, 2023-nji ýylda 211 müň sany, 2024-nji ýylda bolsa diňe 143 müň sany telewizor satuwa çykarylypdyr.


07.05.2026 11:00
1.4k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....

25.04.2026 15:31
4k+

Sony World Photography Awards 2026: ýylyň iň gowy suratlary saýlandy

Dünýäniň 200 ýurdundan iberilen 430 müňden gowrak işiň arasyndan «Sony World Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi....

25.02.2026 06:21
3.5k+

Iň gowy peýzaž suratlary: Sony World Photography Awards 2026 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Sony World Photography Awards foto-bäsleşiginiň guramaçylary 2026-njy ýyl üçin peýzaž fotosuraty kategoriýasynda ýeňijileri yglan etdiler. Emin agzalary diňe bir absolýut ýeňijini däl, eýsem ýokary baha mynasyp bolan beýleki awtorlary hem bellediler...

20.02.2026 10:31
2.8k+

Ýabany tebigatyň iň gowy suratlary: Sony World Photography Awards 2026-nyň ýeňijileri yglan edildi

2026-njy ýylda Sony World Photography Awards fotosuratlaryň bäsleşigi on dokuzynjy gezek geçirilýär. Bu baýrak fotosurat pudagynda iň meşhur we abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýar we her ýyl bütin dünýäden gatnaşyjylary özüne çekýär...