Alýaskanyň asmanynda halka görnüşli täsin ýagtylyk peýda boldy

  • 14.04.2025 23:42
  • 6.3k+

Alýaskanyň ýaşaýjylary asmandaky täsin halka görnüşli ýagtylygy wideo düşürdiler. Bu hadysa görenleri ilkibada gorkuzsa-da, soň bu ýagtylygyň NASA-nyň geçiren synaglary bilen baglanyşyklydygy anyklanyldy.

Kosmos agentligi Poker-Flet synag meýdançasyndan birnäçe raketalary uçurypdyr. Gök reňkli ýalpyldylar, tüweleýler we ýagty halka asmanda şol sebäpden peýda bolupdyr. Bu synag «AWESOME» (Auroral Waves Excited by Substorm Onset Magnetic Events) atly ylmy taslamanyň çäginde geçirilen eken.
Taslamanyň esasy maksady – magnit hadysalarynyň atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna, aýratyn-da termosfera edýän täsirini öwrenmek. Alnan maglumatlar alymlara Gün tupanlarynyň dowamynda bolup geçýän hadysalara has gowy düşünmäge kömek eder.
NASA-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu barlaglar kosmosyň howasynyň öňünden çaklanylmagyna kömek eder. Bular emeli hemralary we energetika ulgamlaryny Günüň işjeňliginden goramak üçin möhüm bolup durýar.



düýn 10:08
2.8k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
9.1k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......