Disney «Ýyldyz söweşleri» boýunça horror žanryndaky taslamanyň üstünde işleýär

  • 14.04.2025 23:48
  • 1.2k+

Disney «Ýyldyz söweşleri» älemi boýunça horror taýýarlaýar. Bu barada «Andor» serialynyň döredijisi, režissýor Toni Gilroý «Business Insider» neşiri bilen söhbetdeşlikde mälim etdi.

Franşizanyň çäginde horror bilen bagly özüniň näme etjekigi barada soralanda, Gilroý şeýle jogap berdi: «Olar eýýäm bu iş bilen meşgullanýarlar. Meniň pikirimçe, hawa, olar munuň üstünde işleýärler. Eýýäm taýýarlap başladylar öýdýän».
Bu filmmi ýa serialmy ýa-da täze formatdaky taslamamy, entek belli däl. Şeýle-de onuň üstünde kimleriň işleýändigem entek belli däl.
«IGN» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Ýyldyz söweşleri» boýunça doly göwrümli horror döretmek pikiri köp wagtdan bäri muşdaklaryň arasynda maslahatlaşylýar. Şeýle çemeleşmä goldaw berenleriň biri hem Lýuk Skaýuokeriň keşbini ýerine ýetiren aktýor Mark Hemilldir.
Her näçe käbir spin-off taslamalary bu älemiň has garaňky we çynlakaý taraplaryny görkezdi diýilse-de, esasy uly göwrümli taslamalar entek hem giň tomaşaçy köpçüligine gönükdirilýär.
«Andor» serialy franşizanyň has uly ýaşly tomaşaçylar üçin niýetlenen görnüşi hökmünde görkezilýär. 2022-nji ýylda ýaýlyma berlen ilkinji möwsümde ýagty gylyçlar we fantastiki mahluklar ýokdy. Käbir tankytçylar bu serialy «soňky döwrüň iň gowy „Ýyldyz söweşleri“ diýip atlandyrdy.
«Andor» serialynyň ikinji möwsüminiň ilkinji üç bölümi 22-nji aprelde tomaşaçylara hödürlener.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......