“Bitljus-3”, “Maýnkraft-2” we “Matrisa-5”: Warner Bros. täze taslamalaryny bildiriş etdi

  • 14.04.2025 14:40
  • 2.4k+

Warner Bros. kinostudiýasy Bitljus hakyndaky üçünji filmiň üstünde işleýär. Bu barada kinokompaniýanyň baş direktorlary Maýk De Luka we Pem Ebdä salgylanýan Deadline habar berýär.

De Luka trikweliň "gürrüňsiz" amala aşjakdygyny mälim edip, "geleşige çekilen goluň entek syýasynyň hem guramandygyny"- aýtdy. Režissýor Tim Bertonyň bu taslama gatnaşjagy-gatnaşmajagy barada entek belli zat aýdylmady.
Studiýanyň ýolbaşçylary beýleki meýilnamalary barada-da gürrüň berdiler. Şeýlelikde, kompaniýa “Janpena” («Телохранитель») melodramasynyň täze wersiýasyny taýýarlaýar. Taslamanyň üstünde “Teýlor Swift: The Eras Tour” («Тейлор Свифт: The Eras Tour») filminiň režissýory Sem Frenç we Klint Istwudyň “Ikinji oturdaş” («Присяжный номер два») atly filmi bilen tanalýan ssenariçi Jonatan A. Abrams işleýär.
Şeýle hem studiýa “Minecraft kinoda” («Minecraft в кино») sikwelini we edebi esasy Drýu Goddard tarapyndan ýazylýan “Matrisa” («Матрица») franşizasynyň bäşinji filmini bildiriş etdi. Mundan başga-da, Endi Sýorkisiň “Ýüzükleriň hökümdary” («Властелина колец») filminiň gahrymany Gollum hakyndaky filmiň üstünde işlenýär.
Şeýle hem, Warner Bros. “Gremlinler” («Гремлины») we “Kelesaňlar” («Балбесы») franşizalarynyň täze bölümlerini çykarmagy meýilleşdirýär.

"Gözýetimde hakykatdanam tolgundyryjy zatlar kän" – diýmek bilen, De Luka bilen Ebdi studiýanyň meýilnamalarynyň geriminiň giňdigini nygtadylar. Taslamalar taýýarlygyň dürli tapgyrlarynda, entek çykaryljak seneleri yglan edilmedi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......