Google tekst boýunça wideolary döretmek üçin Vertex AI Studio gurallar toplumyny hödürledi

  • 14.04.2025 13:38
  • 958

Google kompaniýasy täze Vertex AI Media Studio platformasyny – emeli aň esasynda işleýän gurallar toplumyny hödürledi. Bu platforma tekst esasynda wideolary döretmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjynyň wideo montaž edip bilmegi ýa-da kod ýazmagy hökman däl. Suratyň döredilmeginden başlap, ses bermek we sazly ahyrky wideonyň taýýarlanylmagyna çenli ähli iş bir interfeýsde ýerine ýetirilýär. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär.

Ulgam birnäçe güýçli modelden ybarat. Ilki bilen Imagen 3 modeli arkaly surat döredilýär. Soňra bu surat Veo 2 modeli arkaly wideo öwrülýär. Bu ýerde kameranyň hereketiniň görnüşini saýlap bolýar – mysal üçin, panorama ýa-da dron arkaly düşürilen ýaly edip bolýar. Şeýle hem wideonyň dowamlylygyny we kadrlarynyň sanyny kesgitläp bolýar. Eger-de wideoda islenilmeýän zatlar ýüze çyksa, olary Pixel smartfonlaryndaky «Magic Eraser» ýaly funksiýa bilen aýryp bolýar.
Wizual bölüm taýýar bolansoň, Media Studio seslendirmäni Chirp gepleýiş sintez modeli arkaly goşýar. Fon sazy üçin bolsa Lyria modeli ulanylýar. Bu model Google, YouTube we DeepMind tarapyndan bilelikde işlenip düzüldi.
Netijede, professional görnüşli we neşir etmäge taýýar doly wideo emele gelýär. Surat döretmekden başlap ses bermäge çenli ähli ädimler Vertex AI Studio platformasynyň içinde ýerine ýetirilýär. Bu işläp düzüjileriň Gemini modellerini synagdan geçirýän şol bir gurşawydyr. Bu modeller tekst, surat we kod bilen işläp bilýär, bu bolsa dürli wezipeleri göni interfeýsde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Platforma diňe tehniki hünärmenler üçin niýetlenen däldir. Onuň interfeýsi wideo montažy bilen öň asla meşgullanmadyk adamlara hem düşnüklidir. Vertex AI arkaly gysga wagtyň dowamynda islendik mowzukda – prezentasiýalardan başlap, sosial torlarda neşir etmek üçin wideolara çenli – wideo taýýarlap bolýar.
Google şeýle gurallaryň peýda bolmagy bilen, awtorlyk hukugy we etika baradaky soraglaryň ýüze çykyp biljekdigine gowy düşünýär. Emma kompaniýanyň pikirine görä, mazmun döretmek üçin amatly we tiz çözgütlere bolan isleg aýratyn-da wideolar bilen professional derejede meşgullanmaýan ulanyjylaryň arasynda yzygiderli artýar.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......