Skumbriýa balyklarynyň çenden aşa köp tutulmagy sebäpli olara ýitip gitmek howpy abanýar

  • 14.04.2025 11:59
  • 6.4k+

Mümkin bolan derejeden artykmaç tutulmagy sebäpli, skumbriýalaryň populýasiýasy dünýä boýunça howp astyna düşdi. Bilermenler balygyň gorlaryny dikeltmek üçin çäreleri görmäge çagyrýar diýip, Deňiz gurşawyny goramak jemgyýetiniň (MCS) maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär.

MCS-niň hasabatyna görä, 2009-njy ýyldan bäri skumbriýalaryň tutulmagy rugsat edilýän çäkden 80% geçdi. Soňky dört ýylda balyk tutmagyň umumy möçberi ylmy esasly görkezmelerden 39% ýokary boldy. Munuň sebäbi balyk tutmaga gözegçilik düzgünleriniň berjaý edilmezligidir.
Tebigaty goraýyş guramalary döwletleri birleşip, skumbriýanyň populýasiýasyny dikeltmek üçin umumy strategiýany işläp taýýarlamaga çagyrdy.
MCS sarp edijilere skumbriýadan wagtlaýyn ýüz öwürmegi we balygyň has durnukly görnüşlerini saýlamagy maslahat berýär. Onuň deregine Demirgazyk deňzinden we La-Manşyň gündogar böleginden takgaz balygy, şeýle-de Kornuolldan sardina teklip edilýär. Bu görnüşler Deňiz gurşawyny goramak geňeşi tarapyndan tassyklanan.
MCS tarapyndan ýylda iki gezek täzelenýän balyk tutmak boýunça gollanma deňiz önümlerine ýerine we olary tutmagyň ýa-da ösdürip ýetişdirmegiň usulyna görä baha berýär. Reýtingler 1-den 5-e çenli üýtgeýär. Birinji we ikinji derejeler (ýaşyl reňk) “iň gowy saýlawy” aňladýar. Üçünji we dördünji (sary) gowulaşdyrmalary talap edýär. 5 reýtingli (gyzyl reňk) balyk “gaça durmak” kategoriýasyna girýär.
Soňky täzelenmede Demirgazyk deňzinden monah balygy balykçylyk ýagdaýynyň birneme gowulaşmagy sebäpli sary kategoriýadan ýaşyla, gök marlin bolsa gyzyldan sara geçirildi.

düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
887

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......