“Oturan gaplaň, gizlenen aždarha” kyssasynyň esasynda serial düşüriler

  • 14.04.2025 11:22
  • 2.3k+

Prime Video akym platformasy “Oturan peleň, gizlenen aždarha” («Крадущийся тигр, затаившийся дракон») serialynyň çykjakdygyny bildiriş etdi. Ol hytaý ýazyjysy Du Lu Wangyň birnäçe romany esasynda dörediler diýip, Deadline habar berýär.

Taslama Jeýson Nin (“Lýusifer”) we Ron Mur (“Ýat illi zenan”, “Adamzadyň hatyrasyna”) tarapyndan Sony Pictures Television bilen bilelikde işlenip taýýarlanýar. Olar borç bilen şahsy duýgularynyň arasynda janserek iki söweşijiniň başdan geçirenlerini görkezerler.
Bu waka 2000-nji ýylda režissýor Eng Li tarapyndan eýýam ekranlaşdyrylypdy. Film dört sany “Oskar” baýragyny, şol sanda “Daşary ýurt dilindäki iň gowy film” üçin baýragy alypdy. Şol filmde baş keşbi Çou Ýunfat bilen Mişel Ýeo ýerine ýetirdi. 2015-nji ýylda Donni Ýeniň baş keşbi janlandyrmagynda “Oturan peleň, gizlenen aždarha: Ykbal hanjary” atly filmiň dowamy çykdy.
Du Lu Wang 1938-1944-nji ýyllarda “Demir durnanyň pentalogiýasy” tapgyryndan bäş roman ýazypdyr. Kitaplarda Gadymy Hytaýyň gahryman söweşijileri - Ýusýanyň dört nesli hakda gürrüň berilýär.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......