Ýewropada elektromobiller benzinli ulaglardan arzan düşýär

  • 13.04.2025 17:12
  • 3.6k+

ALD Automotive – LeasePlan kompaniýasy 2025-nji ýyl boýunça Ýewropada awtoulaglara eýeçiligiň baha indeksini (Car Cost Index 2025) hödürledi. Gözleg 28 ýurdy öz içine alýar hem-de ulagy ilkinji dört ýyl ulanmagyň dowamynda çykýan çykdajylary göz öňünde tutýar: amortizasiýa, ätiýaçlandyryş, abatlaýyş, salgytlar, ýangyç ýa-da elektrik energiýasy.

2025-nji ýylda bir awtoulag üçin ortaça aýlyk çykdajylar Gresiýada 815 ýewrodan başlap, Şweýsariýada 1252 ýewro çenli ýetýär. Germaniýada bu görkeziji – aýda 967 ýewro.
Hasabatyň maglumatlaryna görä, elektromobiller içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglardan has amatly. Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň köpüsinde elektrokar satyn almak indi has tygşytlaýjy. Muňa bir Germaniýa degişli däl, bu ýurtda elektromobiller diňe orta-ýokary synpda arzan, galan ähli synplarda henizem gymmat.
Gözlegde elektromobilleriň meşhurlygynyň barha artýandygyny bellenilýär: elektromobiller 2024-nji ýylda ÝB ýurtlarynda we beýleki sebitlerde täze hasaba alnan ulaglaryň 40%-ini düzdi. Awtorlar elektromobillere bolan islegiň artýandygyny belleýärler, ýöne olaryň giňden ornaşmagy üçin uzak aralyklary geçmäge ukyply elýeterli modeller hem-de döwlet tarapyndan goldaw gerek.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......