Mars Express we Curiosity Marsyň ýerüstündäki tapawutlyklary görkezdi

  • 13.04.2025 17:10
  • 4.7k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Marsyň täze düşürilen suratlaryny çap etdi. Bu suratlarda planetanyň dürli ýerlerindäki relýefiň näderejede tapawutlanýandygy aýdyň görünýär. Suratlar 2003-nji ýyldan bäri Marsy öwrenýän Mars Express enjamynyň toplan maglumatlarynyň esasynda taýýarlanyldy.

Suratlarda Gyzyl planetanyň bir böleginiň gatap galan lawalar bilen örtülendigini we relýefiniň birneme tekizräkdigini görmek bolýar. Beýleki künjek bolsa has gadymy bolup, kraterleri we geologik şekilleri bilen tapawutlanýar. Bu tapawutlar ýokary çözgütli HRSC stereokamerasy bilen düşürilen täze suratda örän aýdyň görünýär.


Suratdaky sebite Aheron keşi (Acheron Fossae) diýilýär, ol planetanyň demirgazyk ýarymşarynda ýerleşýär. Bu sebit Marsdaky iki sany uly wulkana ýakynlygy sebäpli, alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Onuň 1200 kilometr günorta tarapynda Olimp dagy ýerleşýär, takmynan, şonça uzaklykda demirgazyk-gündogar tarapda bolsa Alba dagy ýerleşýär. Bu wulkanlar suratda görünmeýär, emma olaryň sebitiň geologiýasyna täsiri uly hasaplanylýar.
Curiosity mars roweri hem iki sany täze panorama surat paýlaşdy. Suratlarda roweriň käbir bölekleri bilen bilelikde daşly-çägeli çöl landşaftyny hem görmek bolýar.

«Bu Mars. Bizden 225 mln kilometr uzaklykda» — diýip, roweriň X sosial torundaky sahypasynda ýazylýar.



11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....