Google kodlamany düýpli bilmeýänler üçin programma döretmäge mümkinçilik berýän platformasyny tanyşdyrdy

  • 13.04.2025 17:14
  • 2.7k+

Google kompaniýasy Cloud Next konferensiýasynda Google Firebase Studio atly täze bulut platformasyny tanyşdyrdy. Bu platforma mobil we web programmalary emeli aňyň kömegi bilen çalt hem-de kodlama boýunça çuň bilim bolmazdan döretmäge mümkinçilik berýär.

Ulanyjylar GitHub, GitLab ýa-da kompýuterindäki taslamalary ýükläp, 60 sany taýýar şablondan birini saýlap ýa-da tekst, surat ýa eskiz arkaly programmany başdan döredip bilerler. Mysal üçin, bir maketiň suratyny ýükläniňizde, emeli aň interfeýsi we API-ni awtomatiki döredýär. Soň şol programmany Google-yň buludyna ýa-da öz serweriňize ýerleşdirip bolýar.
Google-yň Gemini emeli aň ulgamy dokumentasiýa ýazmak, ýalňyşlary düzetmek, baglanyşykly faýllary dolandyrmak we synag geçirmek ýaly işleri ýeňilleşdirýär. Platforma Java, Python, Go, Node.js ýaly dilleri, şeýle-de React we Flutter ýaly freýmworklary goldaýar.
Firebase Studio taslamalaryny çalt synagdan geçirmek we işe girizmek isleýän startaplar we kiçi toparlar üçin amatly çözgütleri hödürleýär. Ulanyjylar platformany Replit we Cursor AI bilen deňeşdirip, ähli işleriň bir ýerde jemlenmegini artykmaçlyk hökmünde belleýärler.
Google ýakyn aýlarda platformanyň mümkinçiliklerini giňeltmegi, täze şablonlary goşmagy we daşarky hyzmatlar bilen has gowy integrasiýalary üpjün etmegi meýilleşdirýär.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......