Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

  • 13.04.2025 16:49
  • 16k+

12-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Onda kanunlaryň birnäçesine seredildi we kabul edildi.

Milli Parlamentiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, kabul edilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalary milli Parlamentiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp geçirilen maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
Maslahatyň barşynda şu kanunlar kabul edildi:

  • «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (täze beýany)«Maşgala işleri boýunça kazylar» atly täze bölüm goşmak göz öňünde tutulýar. Maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwlet goragynyň üpjün edilmeginde adyl kazyýetliligiň ähmiýetini ýokarlandyrmak, maşgala işleri boýunça adyl kazyýetliligiň we kazyýet önümçiligiň ýokary hünär ussatlygy şertlerinde amala aşyrylmagyny gazanmak we maşgalanyň jebisliginiň kepilliklerini berkitmek maksady bilen kazyýetleriň kazylarynyň umumy sanynyň çäginde etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde maşgala işleri boýunça kazynyň wezipesini, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň gurluş düzümine «Maşgala işleri boýunça kazyýet kollegiýalaryny» girizmek göz öňünde tutulýar.
  • «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny. Deňizde gämileriň we eýeçiligiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen 1966-njy ýylyň 5-nji aprelinde Londonda bu halkara konwensiýa kabul edildi. 1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda şol şäherde degişli konwensiýanyň Teswirnamasyna gol çekilmegi bolsa, bu maksada ýetmekde möhüm ädim boldy.
  • «Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny. Bu Kanuna goşmaçanyň girizilmegi bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we gullukçylarynyň geýim lybaslarynda ady agzalan medalyň dakylyş düzgünleri tertipleşdirildi.
  • «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny. Bu Kanun taslamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksi, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Raýat iş ýörediş kodeksi, şeýle hem «Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp kämilleşdirildi.
  • Milli Parlamentiň deputatlary şeýle hem awtomobil ulagynyň hereketiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny – howpsuzlygyny, adamyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygyny, daşky gurşawyň goraglylygyny, awtomobil ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanylanda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny kesgitleýän «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. Taslama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi awtomobil ulagy ulgamynda döwlet gözegçiligini we dolandyryşyny amala aşyrýan edara hökmünde kesgitlenilýär. 
  • «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny. Kanun taslamasynda daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýän Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda resmileşdirilýän elektron resminama – elektron wiza bermek bilen bagly kadalar goşulýar.

Maslahatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ý.Gurbannazarowa çykyş edip, käbir maglumatlary deputatlaryň dykgatyna ýetirdi.


şu gün 10:26
109

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

şu gün 09:55
173

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
623

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......