Beýik Britaniýada Universal Studios-yň tematik seýilgähi gurlar

  • 12.04.2025 18:34
  • 2.4k+

Beýik Britaniýada uly göwrümli Universal Studios tematik seýilgähi gurlar. Onuň gurluşygyna indiki ýyl başlanylar, açylyşy bolsa 2031-nji ýyla meýilleşdirilýär diýip, «BBC» habar berýär.

Seýilgäh 192 gektar meýdany eýeleýän uly dynç alyş we güýmenje toplumynyň bir bölegi bolar. Ol Ýewropadaky ilkinji Universal tematik seýilgähi bolar – şeýle seýilgähler ABŞ-da, Ýaponiýada, Singapurda we Hytaýda eýýämden bar.
Toplumyň çäginde 500 otagly myhmanhana, söwda merkezi we restoranlar hem ýerleşer. Täze seýilgäh öňki Kempston Hardwick kerpiç zawodynyň ýerinde gurlar. Bilermenleriň belläp geçmegine görä, bu taslama ýurduň ykdysadyýetine 50 milliard funt sterling girdeji getirer, takmynan, 28 müň iş ornuny döreder we ilkinji ýylda 8,5 million myhmany kabul eder.

«Biz şu gün milliardlarça funtlyk maýa goýum boýunça şertnama baglaşdyk. Munuň netijesinde Bedfordda Ýewropanyň iň iri güýmenje seýilgähleriniň biri peýda bolar, bu bolsa graflygy dünýä arenasyna çykarar» — diýip, premýer-ministr Kir Starmer aýtdy.


düýn 15:54
6.2k+

Britaniýaly mekdep okuwçysy 1300 sahypalyk animasiýaly kitapça taýýarlap, rekord goýdy

Beýik Britaniýadan 17 ýaşly Maks Bajen 1300 sahypalyk animasiýaly kitapça (kineograf) taýýarlap, Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girdi. Ol kitapçanyň ähli sahypalaryna suratlary öz eli bilen çekipdir. Maks bu kitapçanyň...

07.04.2025 00:38
11k+

Patyşa Karl III Londonyň gök önüm orkestriniň agzalary bilen käşirde saz çaldy

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III Londonyň meşhur gök önüm orkestriniň (LVO) agzalary bilen käşirde saz çaldy. Monarh Windsor galasynda ýurduň aýdym-saz jemgyýetlerine bagyşlanan kabul edişlikde sazandalara...

03.04.2025 08:35
13k+

13 ýaşly britaniýaly mekdep okuwçysy IQ testinde Eýnşteýni we Hokingi geçdi

Beýik Britaniýanyň Kent graflygyndan 13 ýaşly Sofiýa Kot Arkuri IQ testinde 162 bal toplady – bu kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iň ýokary netijedir. «Daily Mail» neşiriniň habaryna görä, bu hatda Albert Eýnşteýniň...

22.03.2025 18:44
13k+

Beýik Britaniýadaky auksionda “milliarddan biri” bolan togalak towuk ýumurtgasy satyldy

Britaniýanyň Ekseter şäherinde geçirilen Bearnes Hampton Littlewood auksionynda “milliarddan biri” diýlip atlandyrylýan üýtgeşik şar şekilli towuk ýumurtgasy 420 funt sterlinge (takmynan, 544 dollar) satyldy. Bu...