“Angliýanyň iň gorkunç jaýy” ýene satlyga çykaryldy

  • 06.04.2025 13:00
  • 14k+

Norwiçiň (Norfolk graflygy) golaýyndaky Blofild obasynda ýerli ýaşaýjylar tarapyndan “Angliýada iň gorkunç jaý” diýlip atlandyrylýan jaý ýene-de satlyga çykaryldy. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Üç otagly jaý üçin alyjyny tapmaga ilkinji synanyşyk şowsuz boldy – emläk üçin başlangyç baha 275 müň funt sterling derejesinde kesgitlendi. Indi baha 250-275 müň funt sterlinge çenli düşürildi. Täze söwda maý aýynda geçiriler.
Jaýyň fasady gyzyl reňkli iniňi tikeneklediji ýazgylar bilen örtülen, aýnalar bolsa çüýläp ýapylan. Içinde hapa diwarlar, ýyrtyk-ýyrtyk oboýlar, zibil, döwlen mebel we tozan bar. Jaý ençeme ýyllap abatlanmady. Radiatorlar poslap, mebel hem hapalanan.
Energiýa netijeliligine F derejesinde baha berildi, bu bolsa ýylylyk izolýasiýasynyň doly ýoklugyny görkezýär.
Jaý eýýäm ençeme ýyl bäri boş dur. 0,26 akr meýdanly bölegi haşal basyp giden. Agentligiň maglumatlaryna görä, jaý doly derejede gaýtadan dikeltmegi talap edýär we düýpli abatlaýyş işlerine harçlamaga taýýar bolan alyjylar üçin laýyk geler. Şeýle-de, degişli rugsatnamalar bolan ýagdaýynda, gurluşygy giňeltmek ýa-da täzeden meýilnamalaşdyrmak mümkinçiligi hem bar. 


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......