Hytaý kazyýeti 550 müň dollar baha bilen ýüzlerçe janly krokodili auksiona çykardy

  • 10.04.2025 14:07
  • 13k+

Şençžen Nanşan halk kazyýeti umumy agramy 100 tonna bolan ýüzlerçe janly siam krokodilini satmak üçin onlaýn auksion gurnady. Lotuň başlangyç bahasy – 4 mln ýuan ($550 müň). Söwda Alibaba kompaniýasy tarapyndan geçirilýär diýip, South China Morning habar berýär.

Süýrenijiler ozal 2005-nji ýylda Mo Szýunrong tarapyndan döredilen Guangdong Hongyi Crocodile Industry Company-a degişlidi. Kompaniýa öz maliýe borçlaryny ýerine ýetirip bilmän, bergä girensoň, olar konfiskasiýa edildi.
Alyjylara krokodilleri köpeltmek üçin ygtyýarnama we olary saklamak üçin şertler gerek. Olar logistika üçin hem tölemeli bolar: agramyny çekmek, ýüklemek we äkitmek. Şertler bozulan ýagdaýynda kazyýet 300 müň ýuan ($41 müň) töleg tutup galar.
Hytaýda krokodiller girdeji getirýär: olar deri, et, kosmetika we wino öndürmek üçin ulanylýar. Bir siam krokodiliniň agramy 200-den 500 kg ýetýär, şonuň üçin satlykda 200-den 500-e çenli krokodil bolup biler.
Bu bildirişe dört müňden gowrak adam seretdi, ýöne gatnaşyjy heniz ýok. Öň, 2025-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda kazyýet bäş we dört mln ýuana krokodil satmaga synanyşdy, ýöne şowsuz boldy.


düýn 11:17
3.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....