Emeli hemralar Aralgum çölüniň ulalýandygyny görkezýär: Aral deňzi çekilmegini dowam edýär

  • 10.04.2025 16:03
  • 16k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Aral deňziniň 2025-nji ýylyň martynda Sentinel-2 emeli hemrasy tarapyndan düşürilen suratyny çap etdi.

Gazagystan bilen Özbegistanyň araçäginde ýerleşýän suw howdany bir wagtlar Merkezi Aziýadaky iň uly suw giňişlikleriniň biridi. Emma 1960-njy ýyllarda Syrderýa bilen Amyderýanyň suwlary pagta meýdanlaryny suwarmak üçin başga tarapa ugrukdyryldy. Şondan soň deňiz çalt kiçelip, gurap başlady.
Täze düşürilen suratda Aral deňziniň günbatar böleginiň ep-esli kiçelendigi, gündogar böleginiň bolsa doly diýen ýaly gurandygy görnüp dur. Suwuň gurap galan ýerinde gurak meýdan peýda bolupdyr. Suratda ozal deňziň düýbüniň bolan ýerinde açyk reňkli meýdan göze ilýär. Indi bu ýerlere Aralgum çöli diýilýär. Ol Ýerdäki iň ýaş çöl hasaplanylýar.


16.02.2026 15:06
9.7k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

15.02.2026 17:58
5.4k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär...

05.02.2026 18:47
8.7k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...

16.01.2026 09:05
2.9k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär...