Şahrukh Khan we Kajol ebedileşdiriler: Londonda “Alnyp gaçylmadyk gelniň” şanyna heýkel peýda bolar

  • 12.04.2025 08:19
  • 15k+

Londonda bolliwudly ýyldyzlar Şahrukh Khan bilen Kajolyň bürünç heýkeli peýda bolar. Ol meşhur “Alnyp gaçylmadyk gelin” (Непохищенная невеста / Dilwale Dulhania Le Jayenge, 1995) hindi filminiň 30 ýyllygyna bagyşlanar diýip, Variety habar berýär.

Meşhur melodramadan gahrymanlaryň heýkeli Lester-Skwerde, Odeon kinoteatrynyň golaýynda oturdylar, sýužet boýunça olaryň duşuşygy şu ýerde bolup geçýär. Heýkel soňky ýüzýyllygyň dünýä kinematografynyň meşhur personažlaryna we sahnalaryna bagyşlanan interaktiw kino-alleýanyň – Scenes in the Square taslamasynyň bir bölegi bolar. 
Bu taslamanyň çäklerinde kino-alleýada eýýäm birnäçe heýkeller oturdyldy, olaryň arasynda Meri Poppins (saýawan bilen gonýar), Garri Potter (“Nimbus 2000” sübsesinde) we hatda “Tagtlaryň oýnundan” Demir tagt bar.
Soňky heýkel 2024-nji ýylda oturdyldy we ol “Güm bol” (Get Out) horroryndan Krisiň keşbinde Deniel Kaluýany şekillendirýär. Personaž tomaşaçylaryň ses bermeginde saýlandy.
Heýkeller bilen birlikde myhmanlara aktýorlaryň we režissýorlaryň teswirleri bilen audio-gezelenç hödürlenýär (mysal üçin, Hýu Bonnewill “Paddington” barada gürrüň berýär). Olary heýkellerdäki QR kodlary skanirläp, aýtdyrmak bolýar. Mundan başga-da, personažlar bilen selfi düşürmek bolýar.
“Alnyp gaçylmadyk gelin” filminiň gahrymanlary taslamada Bolliwudyň ilkinji wekilleri bolar.
2025-nji ýylyň maý aýynda Manchester Opera House-da filmiň esasynda döredilen “Come Fall In Love – The DDLJ Musical” mýuzikliniň premýerasy bolar. 





düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......