Beýik Britaniýada Universal Studios-yň tematik seýilgähi gurlar

  • 12.04.2025 18:34
  • 2.7k+

Beýik Britaniýada uly göwrümli Universal Studios tematik seýilgähi gurlar. Onuň gurluşygyna indiki ýyl başlanylar, açylyşy bolsa 2031-nji ýyla meýilleşdirilýär diýip, «BBC» habar berýär.

Seýilgäh 192 gektar meýdany eýeleýän uly dynç alyş we güýmenje toplumynyň bir bölegi bolar. Ol Ýewropadaky ilkinji Universal tematik seýilgähi bolar – şeýle seýilgähler ABŞ-da, Ýaponiýada, Singapurda we Hytaýda eýýämden bar.
Toplumyň çäginde 500 otagly myhmanhana, söwda merkezi we restoranlar hem ýerleşer. Täze seýilgäh öňki Kempston Hardwick kerpiç zawodynyň ýerinde gurlar. Bilermenleriň belläp geçmegine görä, bu taslama ýurduň ykdysadyýetine 50 milliard funt sterling girdeji getirer, takmynan, 28 müň iş ornuny döreder we ilkinji ýylda 8,5 million myhmany kabul eder.

«Biz şu gün milliardlarça funtlyk maýa goýum boýunça şertnama baglaşdyk. Munuň netijesinde Bedfordda Ýewropanyň iň iri güýmenje seýilgähleriniň biri peýda bolar, bu bolsa graflygy dünýä arenasyna çykarar» — diýip, premýer-ministr Kir Starmer aýtdy.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......