13 ýaşly britaniýaly mekdep okuwçysy IQ testinde Eýnşteýni we Hokingi geçdi

  • 03.04.2025 08:35
  • 14k+

Beýik Britaniýanyň Kent graflygyndan 13 ýaşly Sofiýa Kot Arkuri IQ testinde 162 bal toplady – bu kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iň ýokary netijedir. «Daily Mail» neşiriniň habaryna görä, bu hatda Albert Eýnşteýniň we Stiwen Hokingiň görkezijisinden hem ýokary.

Bu üstünliginden soň, Sofiýa dünýäniň iň abraýly zehinliler jemgyýeti bolan Mensa guramasyna çagyryldy.
Gyzyň ejesi Sesiliýanyň aýtmagyna görä, Sofiýa bu teste hiç hili taýýarlyk görmändir. Sebäbi mekdepde sapaklary örän köp bolupdyr. Netije belli bolanda, ol «begenjinden asmana galan ýaly bolupdyr». Synpdaşlary ilkibaşda onuň bu üstünlige ynanmandyr.
Sesiliýa gyzynyň ukyp-başarnyklarynyň heniz kiçi wagtlary belli bolandygyny aýdýar. Ol başlangyç mekdepde iň göreldeli okuwçylaryň biri bolupdyr. Häzirki wagtda Sofiýa informatika bilen gyzyklanýar we geljekde hem hut şu ugurda işlemegi maksat edinýär.

«Bir gün ol öýe gelip: „[Informatika] mugallymym hem ýalňyşlygy nädip düzetmelidigini bilenokdy, ony men düzedäýdim“ diýdi» — diýip, Sesiliýa gürrüň berdi.

Sofiýa tans bilen hem meşgullanýar, pianino çalýar we onuň dostlary köp.
Şeýle üstünlige 2023-nji ýylyň tomsunda 11 ýaşly britan Adrian Li hem ýetipdi. Ol iki ýaşynda okamagy öwrenip, sekiz ýaşynda bolsa ilkinji kitabyny ýazypdy.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......