Hytaýda agramy 50 kilogramdan az adamlara güýçli ýel sebäpli köçä çykmazlyk barada duýduryldy

  • 12.04.2025 18:55
  • 17k+

11-13-nji aprel aralygynda Hytaýyň demirgazyk sebitlerinde ýeliň güýçli öwüsmegine garaşylýar. Şonuň bilen baglylykda, häkimiýetler agramy 50 kilogramdan az bolan adamlaryň güýçli ýeliň täsirinde «uçup gitmeginiň» mümkindigini aýdyp, olaryň öýde galmagyny maslahat berdiler.

Bu duýduryş Hebeý welaýatyna, şeýle hem paýtagt Pekine we Týanszin şäherine degişli. «BBC-niň» berýän maglumatlaryna görä, bu sebitlerde ýeliň tizligi sagatda 150 kilometre çenli ýetip biler. Pekinde şeýle güýçli ýel bilen bagly duýduryş soňky on ýylda ilkinji gezek berilýär.
Hytaýly meteorologlar ýeli 17 ballyk derejede ölçeýär. Dynç günlerinde ýeliň güýji 11-13 bala çenli baryp biler, bu bolsa uly zyýanlara we weýrançylyklara sebäp bolup biler.
Howanyň agyr şertleri sebäpli, ähli sebitleýin sport çäreleri, şol sanda dünýäde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilen adam şekilli (gumanoid) robotlaryň ýarym marafony hem ýatyryldy. Şeýle hem mekdepler, seýilgähler, attraksionlar wagtlaýyn ýapyldy, gurluşyk işleri we otly gatnawlary togtadyldy.


09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....