Toyota $7000 arzanladyş bilen 2025-nji ýyl Camry-nyň täze wersiýasyny hödürledi

  • 10.04.2025 13:49
  • 19k+

GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy «Camry» sedanynyň täze görnüşini — Smart Driving Edition modelini tanyşdyrdy. Täze görnüş giňişleýin howpsuzlyk funksiýalary bilen üpjün edilen we 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam edýän uly arzanladyş bilen hödürlenýär diýip, «ITHome» portaly habar berýär.

Awtoulag TSS 3.0 PRO atly akylly sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid ulgamly iň ýokary görnüşiniň bahasy 169,8 müň ýuana (23 müň dollara) deňdir — bu baha arzanladyş, köne awtoulagyň täze bilen çalşylan halatynda berilýän ýeňillik we döwletiň berýän 50 müň ýuanlyk (takmynan, 7 müň dollar) subsidiýasy bilen hasaplandy.
2.5HG Premium Smart Driving görnüşi öňki Premium Edition görnüşiniň kämilleşdirilen görnüşi bolup durýar, 2.5HXS Sport Plus Smart Driving bolsa Sport Plus Edition görnüşiniň täzelenen görnüşidir.
TSS 3.0 PRO ulgamy 20 sany datçigi öz içine alýar: radarlar, ähli burçuny görýän wideo kameralary we rulda ýerleşýän sensorlar. Bu ulgam 360 gradus töweregi görmegi üpjün edýär, golaýlaşýan ulaglar barada duýduryş berýär, sürüjiniň ýagdaýyna gözegçilik edýär, zolagyň çalşylmagyna kömek edýär hem-de aýlanmaly ýerlerde tizligi awtomatiki usulda peseldýär.


Öndürijiniň berýän maglumatlaryna görä, bu ulgam agyr ýol-ulag hadysalarynyň 40%-niň öňüni alyp bilýär.
Şeýle hem «Camry» sensorly rul we sürüjiniň ünsüni yzarlaýan ulgam bilen üpjün edilen.
Hereketlendirijisi 228 at güýjüni öndürýär.
Modeliň daşky görnüşinde üýtgeşme ýok. Ölçegleri: 4950×1850×1450 mm, teker bazasy – 2825 mm.


21.06.2026 21:15
4.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....