Kriştianu Ronaldu we Mettýu Won bilelikde kinostudiýa döretdiler. Eýýäm üç taslamanyň üstünde işleýärler

  • 12.04.2025 16:15
  • 11k+

Futbolçy Kriştianu Ronaldu bilen režissýor Mettýu Won bilelikde UR•Marv atly garaşsyz kinostudiýany döretdiler. «Variety» neşirine görä, olar eýýäm iki filmi maliýeleşdirip, prodýuserligini alyp barýarlar, häzir bolsa üçünji taslamanyň üstünde işleýärler.

Ilkinji film barada giňişleýin maglumatlar soň mälim ediler.
Neşiriň maglumatlaryna görä, bu studiýa «klassykalara goýulýan hormat bilen innowasion tehnologiýalary utgaşdyryp, däp bolan kino önümçiligine täzeçe garaýyş getirmegi» maksat edinýär.
Ronaldu mediadaky işjeňligini barha artdyrýar. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda ol Medialivre (öňki Cofina Media) atly mediakonglomeratyň esasy maýadary boldy, 2024-nji ýylyň awgustynda bolsa UR Cristiano atly YouTube taslamasyny işe girizdi.
Mettýu Won «Layer Cake» (Слоеный торт), «Kick-Ass» (Пипец), «X-Men: First Class» (Люди Икс: Первый класс) hem-de «Kingsman» ýaly söweşjeň filmleri bilen meşhurdyr. 2024-nji ýylda ol Genri Kewill we Braýs Dallas Goward bilen bilelikde «Argylle: Super Agent» (Аргайл: Супершпион) trillerini tomaşaçylara hödürledi. Won özüniň Marv kompaniýasy arkaly beýleki taslamalaryň hem prodýuserligini edýär.


şu gün 09:56
889

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
685

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......