HBO «Biziň iň soňkymyz» serialyny üçünji möwsüme çenli uzaltdy

  • 11.04.2025 16:50
  • 4.9k+

«Biziň iň soňkymyz» (The Last of Us) serialynyň dowamynyň boljakdygy resmi taýdan mälim edildi. HBO telekanaly serialy üçünji möwsüme çenli uzaltmaga karar berdi.

Bu habar ikinji möwsümiň premýerasynyň öňüsyrasynda mälim edildi – täze möwsüm HBO-da 13-nji aprelde görkezilip başlanar. Ikinji möwsüm «The Last of Us: Part II» atly wideooýna esaslanýar we jemi ýedi bölümden ybarat bolar. Bu möwsümiň wakalary birinji möwsümden bäş ýyl soň bolup geçýär.
Ikinji möwsümiň şouranneri hökmünde ýene-de Kreýg Mazin çykyş edýär. Täze möwsümde Pedro Paskal, Bella Ramzi, Izabela Mersed, Keýtlin Diwer, Ketrin O’Hara, Jeffri Raýt we beýlekiler hem çykyş edýär.
Taslamanyň şouranneri ozalky beýanatlarda «The Last of Us» oýnunyň ekranlaşdyrmasynyň, ähtimal, dört möwsüm boljakdygyny aýdypdy, ýöne soň bu sanyň üç ýa-da bäş bolup biljekdigini hem göz öňünde tutýandygyny belläp geçipdi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......