XR äýneklerini goldaýan ilkinji mobil oýun kontrolleri tanyşdyryldy

  • 11.04.2025 16:43
  • 2.4k+

Viture we 8BitDo kompaniýalary Ultimate Mobile Gaming Controller kontrollerini işläp düzdüler. Bu enjam XR äýneklerini goldaýan ilkinji mobil kontroller boldy. Bu barada «NotebookCheck» habar berýär.

Adaty joýstiklerden üýtgeşik görnüşi bilen tapawutlanýar: ol ýarym açyk gara korpus we ýalpyldawuk mämişi joýstikler bilen bezelipdir.
Kontrolleriň esasy aýratynlygy – sag tarapyndaky USB-C porty arkaly XR äýnekleri birikdirip bolýar. Bu mümkinçilik oýunçylara uly VR enjamlar bolmazdan wirtual dünýälere girmegi üpjün edýär.
Kontrolleriň düwmelerini we joýstiklerini islege görä sazlap bolýar. Şeýle-de triggerleri dürli oýunlarda takyklygy üpjün edýär. Enjamy Bluetooth arkaly simsiz ýagdaýda-da, şeýle-de simli ýagdaýda-da ulanyp bolýar.
480 mA·sag sygymly batareýasy bilen 16 sagada çenli işleýär. Giroskop bilen hereket arkaly dolandyrmak mümkinçiligi hem bar. Wibrasiýasy oýna has hakyky täsiri berýär.
Kontroller Google Play Store, Netflix, PlayStation Remote Play, Amazon Luna, Xbox Game Pass we Nvidia GeForce Now-daky oýunlar bilen işleýär.
Ultimate Mobile Gaming Controller-iň bahasy 39 dollar. XR tehnologiýasynyň şeýle kiçi enjama ornaşdyrylmagy oýun we programma işläp düzüjiler üçin giň mümkinçilikleriň öňüni açýar.

düýn 22:30
748

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......