Samsung bir gezeklik zarýad bilen 200 güne çenli işläp bilýän ekranyny tanyşdyrdy

  • 11.04.2025 16:31
  • 5.7k+

Samsung kompaniýasy täze Color E-Paper (EM32DX modeli) ekranyny hödürledi. Bu ekran energiýany asla sarp etmeýär diýen ýaly. Reňkli statik şekilleriň görkezilýän mahaly ekran 0,00 Wt güýç ulanýar.

Samsung-yň habar bermegine görä, Color E-Paper reňkli şekilleriň birinden beýlekisine geçeninde hem, beýleki sanly displeýlere garanyňda, has az energiýa sarp edýär. 4600 mA·sag sygymly içki batareýasy bilen, eger mazmun diňe günde bir gezek üýtgedilse, enjam bir gezeklik zarýad bilen 200 güne çenli işläp bilýär.
Ekranyň diagonaly 32 dýuým, çözgüdi bolsa 2560 x 1440 piksel. Şekilleri görkezişi kagyzyň teksturasyna meňzeýär – reňk geçişleri ýumşak we aýdyň äheňlerde. Şeýle-de ekranyň korpusynyň 50%-i gaýtadan işlenip taýýarlanan plastikden ýasalan.
Color E-Paper Wi-Fi we Bluetooth arkaly birikmegi goldaýar, zarýad bermek we maglumat geçirmek üçin USB-C porty, üstesine-de 8 GB içerki ýady bar. Enjamy dolandyrmak üçin Samsung E-Paper mobil goşundysy ulanylyp bilner, bu goşundy Android 10 hem-de iOS 15 we ondan ýokary ulgamlarda elýeterlidir.
Täze çözgüt restoranlar we dükanlar ýaly biznesler üçin energiýanyň sarp edilişi we mahabat materiallaryny çap etmek üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...