A24 studiýasy Wan Dammyň düşen “Ganly sport” filmini täzeden surata düşürmegi meýilleşdirýär

  • 11.04.2025 16:29
  • 12k+

A24 studiýasy 1988-nji ýylda surata düşürilen “Ganly sport” söweşjeň filmini täzeden surata düşürmek hukugyny almak üçin gepleşikler geçirmäge başlady. Bu barada Golliwudyň insaýderi Jeff Snaýder habar berdi.

Özüniň garaşsyz taslamalary bilen tanalýan kino kompaniýasy taslama boýewik filmlerine ýöriteleşen tejribeli režissýory çekmek isleýär.
Baş keşbi ýaş aktýora bermek meýilleşdirilýär. Asylky filmde ony 27 ýaşly Žan-Klod Wan Damm ýerine ýetiripdi. Onuň remeýke gatnaşjagy-gatnaşmajagy barada entek hiç zat aýdylmady.
Režissýor Nýut Arnoldyň bu filminde bikanun söweşlere gatnaşmak üçin Gonkonga baran amerikan goşunynyň esgeri barada gürrüň berilýär. Sýužeti bölekleýin ýagdaýda söweş sungatynyň ussady Frenk Dýuksyň terjimehalyna esaslandy.
Taslama işläp taýýarlaýşyň başlangyç tapgyrynda.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......