Paramount Pictures 2027-nji ýylyň ýanwarynda “Angry Birds kinoda 3-i” çykarar

  • 11.04.2025 12:31
  • 1.7k+

“Angry Birds kinoda 3” multfilmi 2027-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda prokata çykar. Bu barada filmiň distribýutory Paramount Pictures studiýasyna salgylanýan Deadline  habar berdi.

Taslama öň franşizanyň birinji bölüminiň üstünde işlän Jon Raýs režissýorlyk etdi. Edebi esasyny ikinji filmiň awtory Turop Wan Orman ýazdy.
Prodýuserleri - Jon Koen, Den Çuba we Karla Konnor. Ýerine ýetiriji prodýuserleri - “Sonik kinoda” filmi bilen tanalýan Orman we Toru Nakahara. Multfilmiň sazyny “Ýigrenji meniň” üstünde işlän, “Gremmi” baýragynyň eýesi Eitor Pereýra ýazar.
Bu gahrymanlara Jeýson Sudeýkis, Joş Gad, Reýçel Blum, Denni Makbraýd, Emma Maýers, Keke Palmer, Tim Robinson, Lili Jeýms we beýleki aktýorlar ses berer.

"Paramount Pictures bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize begenýäris we ajaýyp aktýorlar düzümimize diýseň buýsanýarys. Bize diňe bir Jeýson, Joş, Reýçel we Denni dagy özleriniň ajaýyp keşplerine ses bermek üçin gaýdyp gelmek bilen çäklenmän, eýsem, olary ýyldyz wäşi zehinler topary hem gurşap alýar. Bular häzirki wagtda iň wäşi adamlar we olaryň hemmesini bilelikde görýändigimize  diýseň begenýäris " - diýip, Koen gürrüň berdi .

Finlýandiýanyň Rovio kompaniýasynyň “Angry Birds” oýny esasynda dörän multfilmiň birinji bölümi 2016-njy ýylda çykypdy.


şu gün 15:52
675

HBO Max 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda çykjak täze seriallary görkezdi

HBO Max platformasy 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda ekrana çykaryljak taslamalaryň tanyşdyryş wideosyny hödürledi. Onda «Harri Potter we jadygöýiň daşy», «Fonarlar» (Lanterns), «Aždarhanyň öýi» ýaly......

şu gün 06:07
1.7k+

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň iň gowy psihologik triller filmlerini saýlady

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň dowamynda ekrana çykan iň gowy 10 sany psihologik trilleriň reýtingini neşir etdi. Sanawyň birinji ornuny režissýor Kristofer Nolanyň «Başlangyç» (Inception, 2010) filmi......

24.05.2026 23:19
2k+

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

24.05.2026 00:46
2.1k+

Jonni Depp we Penelopa Krus bilen «Day Drinker» ekşn-trilleriniň premýerasy belli boldy

Lionsgate kinostudiýasy baş keşpleri Jonni Deppiň we Penelopa Krusyň ýerine ýetirmeginde ýiti sýužetli «Day Drinker» (Пьяница / Serhoş) triller filminiň premýera senesini 2027-nji ýylyň 26-njy martyna belledi.......