Motorola özüniň ilkinji noutbugyny çykarar

  • 11.04.2025 16:22
  • 1.6k+

Eplenýän smartfonlary we aralyk modelleri bilen tanalýan Motorola kompaniýasy ilkinji noutbugynyň çykýandygyny habar berdi. Täze önüm häzirlikçe diňe hindi bazary üçin yglan edildi diýip, Gizmochina portaly habar berýär.

Hytaýyň Lenovo korporasiýasyna degişli amerikan brendi enjamyň tizerini Hindistandaky iň uly onlaýn dükanlaryň biri bolan Flipkart platformasyna ýerleşdirdi.
Noutbugyň häsiýetnamasy, dizaýny we bahasy barada entek hiç zat aýdylmady. Tizerde Motorolanyň nyşany we "Noutbuklaryň täze batyrgaý dünýäsi. Basym tanyşdyrylyşy bolar" diýen ýazgy bar.
Gizmochina-nyň pikirine görä, brendiň elýeter bahaly enjamlara ýöriteleşendigini nazarda tutsaň, noutbugyň bazaryň başlangyç derejesine gönükdirilmegine garaşyp bileris.
Motorola ASUS, Acer we Dell ýaly eýýäm meşhur brendler bilen bäsleşmeli bolar.

şu gün 19:11
536

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

şu gün 19:04
788

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

düýn 23:12
3.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
5.1k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....