Vast Space kompaniýasy Haven-1 hususy orbital stansiýasynyň maketi boýunça ekskursiýa geçirdi

  • 10.04.2025 23:37
  • 3.1k+

Vast amerikan kosmos kompaniýasy 2026-njy ýylda uçurylmagy meýilleşdirilýän ilkinji orbital stansiýasy bolan Haven-1-iň doly göwrümli maketini hödürledi. Ekskursiýa Kolorado-Springdäki Bartolin Hall binasynda geçdi, bu ýerde 7 – 10-njy aprelde 40-njy kosmos simpoziumy Space Foundation geçirildi.

Ekskursiýany Vast-da işleýän NASA-nyň öňki astronawty Endrýu Fýuster alyp bardy. Gysga wideoda ol stansiýanyň esasy elementlerini: barlaghanany, ýaşaýyş modullaryny, ýatylýan ýerleri, Crew Dragon üçin lýuky we 6 m3 göwrümli ätiýaçlyk ammary bolan koridory görkezdi. Şeýle-de, ahyrynda kaýut-kompaniýa, sport we tejribeler üçin zolak hem-de 1,1 m diametrli uly tegelek penjire görkezildi. Interýeriň dizaýny minimalistik futuristik stilde ýerine ýetirilen.
Stansiýanyň doly göwrümli maketi häzir synagdan geçýär. Uçuş nusgasyny ýygnamak işlerini 2025-nji ýylyň iýulyna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Uçuş SpaceX-iň Falcon 9 raketasynda 2026-njy ýylyň maýyndan ir bolmaz.
Stansiýa dört adama niýetlenýär. Ekipažyň her bir agzasynyň ýatylýan ýer bilen aýratyn kaýutasy bolar. Ekipažyň stansiýa eltilmegini we interneti SpaceX kompaniýasy üpjün eder.
Indiki Haven-2 stansiýasynyň taslamasy dokuz moduly göz öňünde tutýar. Olaryň birinjisi 2028-nji ýylda orbita iberiler, 2030-njy ýyla çenli olar dört, 2032-nji ýyla çenli dokuz bolar. Modullaryň biri 3,8 m diametrli dury gümmeze eýe bolar. Haven-2 HKS-niň ornuny tutmagy maksat edinýär.
Haven-1 stansiýasy 2024-nji ýylyň oktýabrynda anons edildi. 


şu gün 13:48
1.9k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......