Apple täzelenmeden soň, yzyňa - iOS 18.3.2-ä gaýdyp barmagy petikledi

  • 10.04.2025 23:23
  • 2.3k+

Apple iOS 18.3.2-ä we iPadOS 18.3.2-ä abuna ýazmagy bes etdi. Munuň özi iPhone 18.4 täzelenmesini gurnandan soň, iPhone-nyň we iPad-iň ulanyjylarynyň aşaky wersiýalara geçip bilmejekdigini aňladýar diýip, 9to5mac habar berýär.

Bu ädim Apple-iň adaty tejribesidir. Gowşaklyk töwekgelçiligini azaltmak üçin kompaniýa operasion ulgamlarynyň köne wersiýalaryny yzygiderli petikleýär.
iOS 18.4 täzelenmesi 31-nji martda çykdy we has köp dilde Apple Intelligence goldawyny, täze emodžileri, ileri tutulýan habarnamalary we iPhone 15 Pro modelleri üçin gowulandyrylan wizual aňy goşýar. Täzelenme howpsuzlyk düzedişlerini hem öz içine alýar. Hususan-da, programmalara gizlin maglumatlara girmäge mümkinçilik berýän gowşaklyklar aradan aýryldy.
iOS 18.3.2 11-nji martda çykdy. Şondan soň, kompaniýa Safari brauzerindäki WebKit hereketlendirijisi bilen baglanyşykly CVE-2025-24201 möhüm gowşaklygy düzetdi. Onuň üsti bilen hakerleriň galp web sahypalary döretmegi mümkindi.
Analitik Jon Prosser ýakynda YouTube kanalynda Apple-iň iýun aýynda yglan ediljek iOS 19 operasion ulgamy barada düşünje berýän täze konseptleri ýerleşdirdi. Renderlerden çen tutsaň, iOS 19 tekiz gyraly ikonjyklary, has tegelek göwrümli ses we ýagtylyk sazlaýjy şekiljikleri, şeýle hem täzeden işlenen wirtual klawiaturasy bilen tapawutlanar. Interfeýs häzirki görnüşinden beýlebir tapawutlanmaz, ýöne OS-da Apple Vision Pro giňeldilen hakykat garniturasy stilinde ýerine ýetirilen köp element bolar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...