Girizilen gümrük paçlaryndan soň ABŞ-da iPhone-laryň satuwy ýokarlandy

  • 10.04.2025 14:45
  • 7.9k+

Trampyň täze gümrük paçlaryny girizjekdigi barada çykan habarlardan soň, ABŞ-da iPhone-laryň we beýleki Apple enjamlarynyň satuwy ep-esli artdy diýip, «Bloomberg» neşiri ýazýar.

Žurnalistleriň anyklamagyna görä, soňky günlerde Apple-yň dükanlary adamdan doly. Olaryň käbirileri bahalaryň ýokarlanmagyndan ätiýaç edip, tehniki enjamlary satyn alýar, käbirileri bolsa Apple-yň işgärlerinden Trampyň girizen paçlarynyň iPhone-laryň we Mac kompýuterleriň bahalaryna täsir edip-etmejekdigi barada maglumat almaga çalyşýar.
«Bloomberg-iň» çeşmesiniň berýän maglumatlaryna görä, geçen dynç günlerinde Apple şeýle gaty köp smartfon satmagy başardy welin, bu görkezijiler hatda soňky döwürde iň uly bazarlardaky satuwlary hem geçdi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa bu ýagdaý bilen bagly düşündiriş bermedi.
Bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin, kompaniýa täze enjamlar bilen doly birnäçe uçar bilen golaýda ABŞ-a haryt getirdi.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......