Microsoft 28-nji maýa çenli emeli aň boýunça mugt okuwlary hödürleýär. Siz hem gatnaşyp bilersiňiz!

  • 10.04.2025 14:05
  • 1.8k+

Microsoft korporasiýasy «AI Skills Fest» atly giň möçberli çäräniň başlandygyny mälim etdi. 50 gün dowam etjek çärede gatnaşyjylara emeli aň boýunça mugt okuwlar hödürlener. 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinden 28-nji maýyna çenli aralykda göni ýaýlymda sapaklar, türgenleşikler, amatly görnüşdäki okuwlar we hakatonlar geçiriler. Gatnaşyjylar öz bilim derejesini ýokarlandyryp, Microsoft-a dünýä rekordyny goýmakda ýardam berip bilerler. Bu barada «MakeUseOf» habar berýär.

Täze başlaýanlar üçin maşyn öwrenişi (machine learning) we tebigy dili işläp taýýarlamak (natural language processing) ýaly esasy düşünjeleri öz içine alýan giriş sapaklary göz öňünde tutulýar. Has tejribeli gatnaşyjylar bolsa çuňlaşdyrylan mowzuklar bilen tanşyp, emeli aň agentlerine esaslanýan çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça hakatonlara gatnaşyp bilerler. Okuwlar 30-dan gowrak dilde elýeterli edilýär.
Şeýle hem «AI Skills Fest» çäresiniň dowamynda, Microsoft 50 müň sany mugt sertifikatyň konkursyny geçirýär. Gatnaşmak üçin okuw wezipeleriniň birine başlap, ýüz tutma formasyny doldurmaly. Üstünlik gazanyp bilmedik gatnaşyjylar awtomatiki ýagdaýda indiki tapgyra geçirilýär, bu bolsa oýna gatnaşmagy has-da aňsatlaşdyrýar.
Festiwalyň esasy wakalarynyň biri – «24 sagadyň dowamynda emeli aň boýunça onlaýn sapaklary tamamlan gatnaşyjylaryň iň köp sany» üçin Ginnesiň rekordyny goýmak synanyşygy bolar.
Rekord synanyşygy marketing maksatly ýaly bolup görünse-de, gatnaşyjylar üçin örän peýdaly bolup biler. Emeli aň häzirki döwürde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Microsoft ýaly dünýä belli tehnologiýa kompaniýasynyň hödürleýän mugt okuwlary başarnyklaryňyzy ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup biler. Okuwlara gatnaşmak üçin şu salgydan peýdalanyp bilersiňiz.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......